Her paslyň tebigata berýän özboluşly gözelligi bar. Paslyň çalyşmagy bilen şäherleriň, obalaryň we tebigy ýerleriň keşbi hem üýtgeýär. Esasan-da, güýz pasly gyzyl, sary we mämişi öwüşginli ýapraklary bilen tebigaty ajaýyp görnüşe öwürýär.
Bu döwürde köp syýahatçylar sary donuna bürenen tokaýlara, owadan şäherlere we tebigatyň gözel künjeklerine gezelenje çykýarlar. Ýapraklaryň düşen ýodalarynda gezmek, daş-töweregi synlamak we güýzüň asuda gözelliginden lezzet almak syýahaty has-da ýatdan çykmajak edýär.
Şonuň üçin güýz paslynda syýahat etmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän täsin ýerleriň käbirini okyjylara hödürleýäris.
ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Wermont ştaty güýz paslynda aýratyn owadan görnüşe eýe bolýar. Bu ýerde sary donuna bürenen obalar, altynsow ýapraklar bilen gurşalan köprüler we aýlawly depeler ajaýyp tebigy görnüşi emele getirýär.
Güýzde Wermonta barýan syýahatçylary, esasan-da, gyzyl, mämişi we sary ýapraklaryň öwüşginine bürenen üçekli köprüler özüne çekýär. Bu köprüler ştatyň özboluşly nyşanlarynyň biri hasaplanýar.
Tebigatyň dürli reňklere beslenýän güýz möwsümi Wermonty asuda gezelençleri we gözel görnüşleri halaýan syýahatçylar üçin aýratyn özüne çekiji ýere öwürýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.