Ýaponiýanyň iň çetki künjekleriniň birinde, Tokio şäherinden takmynan 350 kilometr günortada ýerleşýän Aogasima adasy tebigatyň iň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar. Filipin deňziniň giňişliginde ýerleşýän bu ada özboluşly geologik gurluşy bilen aýratyn üns çekýär.

Aogasima köplenç «wulkanyň içindäki wulkan» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi adanyň merkezinde ýerleşýän esasy krateriň içinde ýene bir kiçi krater bar. Adanyň umumy meýdany 8,75 inedördül kilometre golaý bolup, onuň peýzažy daglyk we wulkanik gurluşy bilen tapawutlanýar.

Iň täsin ýeri bolsa adada işjeň wulkan ulgamynyň bardygyna garamazdan, bu ýerde takmynan 160 adamyň ýaşaýşyny dowam etdirmegidir. Ýerli ilat krateriň içinde ýerleşen ýaşaýyş ýerlerinde tebigat bilen sazlaşykly durmuş alyp barýar.

Aogasima seýrek duş gelýän wulkanik landşafty, ýaşyl depeleri we ummanyň giň görnüşleri bilen özboluşly gözellik döredýär. Wagtal-wagtal wulkan işjeňliginiň ýüze çykýandygyna garamazdan, ada ýaşaýjylary bu ýerde gündelik durmuşyny dowam etdirýärler.

Adanyň tebigy aýratynlyklary diňe bir onuň keşbinde däl, eýsem ýaşaýyş durmuşynda-da öz beýanyny tapýar. Ýeriň astyndan çykýan gyzgyn suw aşhana zerurlyklarynda we beýleki hojalyk işlerinde peýdalanylýar.

Ýerli ilatyň esasy iýmitleriniň arasynda balyk we deňiz önümleri aýratyn orun eýeleýär. Gök önümleriň bir bölegi bolsa Ýaponiýanyň beýleki sebitlerinden getirilýär.

Adada ýaşaýanlar çäkli möçberde ekerançylyk we maldarçylyk bilen hem meşgullanýarlar. Bu ýerde iri şahly mallaryň, öý we ýabany guşlaryň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. Şeýle-de ýeralma we käbir bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Aogasima adasy wulkanyň güýçli tebigy güýji bilen adamyň asuda ýaşaýşynyň sazlaşyp bilýändigini görkezýän dünýäniň iň täsin künjekleriniň biridir.