Dünýäde garpyzyň 1200-den gowrak görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigi aýdylýar. Daşyndan seredeniňde olaryň köpüsi biri-birine meňzeş görünse-de, garpyzyň gabygynyň we içki etiniň reňki boýunça tapawutlanýan dürli görnüşleri bar.
Adatça, garpyzyň gabygy ýaşyl reňkde bolup, onuň üstünde garamtyl zolaklar bolýar. Ýöne dünýäniň dürli künjeklerinde gabygy gara, ak ýa-da sary, içki eti bolsa ak, gülgüne ýa-da sary reňkli garpyzlar hem ösdürilip ýetişdirilýär. Hatda daşky görnüşi gawuna meňzeş garpyz görnüşleri-de bar.
Şolaryň arasynda aýratyn üns çekýän görnüşleriň biri sary garpyzdyr. Taryhy çeşmelerde «faraonlaryň garpyzy» diýlip atlandyrylýan bu görnüş şireli, süýji tagamy we açyk sary reňkli eti bilen tapawutlanýar.
Sary garpyzy daşyndan adaty garpyzdan tapawutlandyrmak aňsat däl. Sebäbi onuň gabygy hem adaty görnüşlerdäki ýaly ýaşyl reňkde bolup, üstünde garamtyl zolaklar ýerleşýär. Esasy tapawut bolsa garpyzyň içini keseniňde ýüze çykýar — onuň eti açyk sary reňkde bolýar.
Häzirki döwürde gyzyl etli garpyz iň giň ýaýran görnüş hökmünde kabul edilse-de, taryhy maglumatlar gadymy döwürlerde sary we açyk reňkli garpyzlaryň hem ösdürilip ýetişdirilendigini görkezýär.
Garpyzyň taryhy 5 müň ýyldan gowrak öň Afrika bilen baglanyşdyrylýar. Gadymy Müsürde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda faraonlaryň mazarlaryna garpyzlaryň goýlandygy anyklanypdyr. Bu bolsa garpyzyň şol döwürde hem gymmatly iýmit önümleriniň biri bolandygyny görkezýär.
Şeýle-de, biziň eýýamymyzyň 425-nji ýylyna degişli Wizantiýa mozaikasynda häzirki döwürde ösdürilip ýetişdirilýän görnüşlere meňzeş garpyzyň şekiliniň ýerleşdirilendigi bellenilýär.
Diýmek, sary garpyz diňe bir üýtgeşik görnüşi bilen däl, eýsem müňýyllyklara uzap gidýän gyzykly taryhy bilen hem ünsi çekýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.