iPhone 18 Pro-nyň bahasy öňki nesil bilen deňeşdirende ep-esli ýokary galyp biler. Analist Jeff Pu bahanyň takmynan 250–300 dollar gymmatlaşjakdygy baradaky çaklamany tassyklady.

9to5Mac maglumatlaryna görä, täze iPhone 18 Pro modeliniň başlangyç bahasy 1349–1399 dollar, Pro Max wersiýasy bolsa 1449–1499 dollar töweregi bolar. Mundan öň The Wall Street Journal hem operatiw ýat we fleş-saklaýjylaryň bahasynyň artmagy sebäpli bahanyň ýokary galjakdygyny çaklapdy.

Enjamyň bahasyna has gymmat A20 Pro prosessory, LPDDR5X ýady we NAND fleş-saklaýjylary täsir eder diýlip garaşylýar. Käbir baha berişlere görä, Apple-yň bu komponentler üçin çykdajylary geçen ýyl bilen deňeşdirende üç esse artyp biler.

Kompaniýa öz peýdasyny peseltmek arkaly ozalky bahalary saklap bilse-de, Apple-yň beýleki önümleriniň bahalarynyň ýokary galmagy bu ssenariýni amala aşyrmagy kynlaşdyrýar. Eger analitikleriň çaklamasy dogry çyksa, iPhone 18 Pro brend taryhyndaky iň gymmat akylly telefonlaryň biri bolar.