
Tehnologiýa dünýäsiniň iň ygtybarly insaýderleriniň biri bolan Sonni Dikson «Apple» kompaniýasynyň ýene birnäçe aýdan tanyşdyrmaly «iPhone 18 Pro» smartfonynyň maketleriniň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu maglumatlar garaşylýan täze flagmanlaryň daşky dizaýny we reňk aýratynlyklary barada deslapky teswiri döretdi.
Paýlaşylan suratlarda brendiň geljekki flagman telefonlarynyň dört sany esasy reňk görnüşi jemlenipdir. Janköýerlere adaty kümüşsöw, gara we mawy reňkler bilen bir hatarda, düýpgöter täze bolan goýy ülje (Dark Cherry) öwüşgini hödürlener. Insaýderiň bellemegine görä, hut şu goýy ülje reňki «iPhone 18 Pro» modeliniň esasy wizual aýratynlygy we tapawutly belligi bolar. Mysal üçin, geçen ýylky «iPhone 17 Pro» modelinde hem mämişi (pyrtykal) reňkli öwüşgin esasy üns merkezine öwrülipdi.
Halkara tehnologiýa neşirleriniň dürli maglumatlaryna laýyklykda, «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modelleriniň resmi tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilýär. Täze nesliň smartfonlarynyň göwresi bitewi alýumin garyndysyndan taýýarlanyp, kamera zolagy bolsa ýörite «Ceramic Shield» gorag aýnasy bilen üpjün ediler.
Şeýle-de täze smartfonlaryň öňki modellere seredeniňde has galyň bolmagyna garaşylýar. Hususan-da, «iPhone 18 Pro Max» modeliniň arka kameranyň çykyp duran bölegi bilen bilelikdäki umumy galyňlygy 13,77 mm-e ýeter. Deňeşdirmek üçin aýtsak, öňki modelde bu görkeziji 12,92 mm-e deňdir.
Ýatlap geçsek, insaýder Sonni Dikson mundan ozal «iPhone 12», «iPhone 13», «Apple Homepod», «iPhone 15», «iPhone 15 Pro» we «iPhone 17» modelleriniň hem takyk dizaýn aýratynlyklaryny resmi taýdan görkezilmezinden has öň jemgyýetçilige mälim edip, uly meşhurlyk gazanypdy.
Keywords