2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-da, Hytaýda, Beýik Britaniýada we beýleki birnäçe ýurtda «Apple» kompaniýasynyň eplenýän ekranly «iPhone Duo» smartfonynyň resmi satuwy başlandy. «Bloomberg» neşiriniň habar bermegine görä, käbir alyjylar täze enjamy ilkinji bolup satyn almak üçin 22-nji oktýabryň agşamyndan dükanlaryň öňünde nobata durup, gijäni şol ýerde geçirdiler.
Neşiriň bellemegine görä, soňky ýyllarda «Apple» dükanlarynyň öňünde şeýle köp adamyň nobata durmagy seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Bahasy 1 999 dollardan başlanýan täze smartfona bolan isleg ilkinji «iPhone» modelleriniň satuwa çykarylan döwründäki gyzyklanma bilen deňeşdirilýär.
Nýu-Ýork şäherinde 23-nji oktýabrda ýerli wagt bilen irden sagat 05:00-a çenli nobat birnäçe köçä uzapdyr. Nýu-Jersi ştatyndaky «Apple» dükanlarynyň birinde bolsa «iPhone Duo» smartfonynyň 256 GB we 512 GB ýat göwrümli görnüşleriniň ählisi bary-ýogy 30 minutyň içinde satylyp gutarypdyr. Londonda ýaşaýan alyjylaryň biri «Reuters» agentligine 22-nji oktýabrda sagat 20:30-dan başlap, güýçli ýagyşyň astynda nobata garaşandygyny gürrüň beripdir.
Hytaýyň Pekin şäherinde «Apple» dükanynyň öňünde takmynan 100 adam, Singapurda bolsa 200-e golaý adam ýygnanypdyr. Mýanmadan gelen ýedi agzaly maşgala hem täze smartfony satyn almak üçin Singapurdaky söwda merkeziniň öňünde gijäni geçirendigini aýdypdyr.
Hytaýyň Nankin şäherinde ýerleşýän «Costco» gipermarketiniň awtoduralgasynda hem «iPhone Duo» smartfonyny satyn almak isleýänleriň nobaty emele gelipdir. «Ziniu News» neşiri nobatda takmynan 30 adamyň bolandygyny habar berýär. Olaryň käbiri dükanyň açylmagyna garaşyp, gijäni şol ýerde geçiripdir. Dükan işgäriniň sözlerine görä, alyjylar eýýäm 20-nji oktýabryň agşamyndan ýygnanyp başlapdyrlar.
«Costco» smartfonlary öňünden «Apple» kompaniýasyndan satyn alyp, wepaly müşderiler üçin niýetlenen kartoçkanyň her bir eýesine diňe bir «iPhone Duo» satmak şerti bilen söwda edipdir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.