Italiýanyň «Eni» we Fransiýanyň «Total Energies» kompaniýalary Kipriň deňiz şelfinde ýerleşýän «Kronos» gaz känini özleşdirmek boýunça jemleýji maýa goýum kararyny kabul etdiler.

Bu taslama Italiýanyň energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak we tebigy gaz çeşmelerini giňeltmek boýunça möhüm başlangyçlaryň biri hökmünde bahalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurt sarp edýän tebigy gazynyň takmynan 95 göterimini daşary ýurtlardan import edýär. Italiýa üçin esasy gaz üpjün edijileriň biri bolsa Alžirdir.

Deslapky hasaplamalara görä, «Kronos» gaz käniniň gorlary 85 milliard kubmetrden gowrak tebigy gazy öz içine alýar. Bu taslama Kipr üçin hem strategik ähmiýete eýe bolup, ýurduň taryhynda tebigy gazy senagat derejesinde özleşdirmek boýunça ilkinji iri taslama bolar.

Taslamanyň çäklerinde deňziň çuňluklarynda dört sany gaz guýusyny burawlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem her gün ortaça 14,16 million kubmetr tebigy gaz çykarmak göz öňünde tutulýar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, «Kronos» gaz käniniň işe girizilmegi diňe bir Italiýanyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrman, eýsem, Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň energiýa pudagyndaky ornuny hem has-da güýçlendirer.