Müsüriň paýtagty Kairde Afrika yklymynda ilkinji gezek sürüjisiz monorels (bir relsli demir ýol) ulgamy işe girizildi. Bu taslama özüniň göwrümi we tehnologik mümkinçilikleri bilen dünýäde täze rekord goýmaga taýýarlanýar.

Häzirki wagtda taslamanyň birinji tapgyry bolan «Gündogar Nil» şahasy Nasr şäherindäki Halkara stadion bilen ýurduň täze paýtagtynyň aralygynda 56,5 kilometrlik aralykda hereket edýär. Munuň yzýany, «Günbatar Nil» şahasynyň hem gurluşygy tamamlanandan soň, bu ulgam Kair bilen Giza şäherleriniň arasynda üznüksiz gatnawy üpjün eder.

Gurluşyk doly tamamlanandan soň, monorels ulgamynyň umumy uzynlygy 100 kilometrden aşar. Bu görkeziji häzirki wagtda rekord saklaýjy hasaplanýan Hytaýyň Çunsin şäherindäki 98,5 kilometrlik monorels ýolundan hem öňe geçip, dünýäniň iň uzyn monorels ulgamy bolar.

Döwrebap ulag ulgamy bilen baglanyşykly esasy maglumatlar:

  • Gündelik kuwwaty: Gurluşyk doly tamamlanandan soň, her gün 500 müň ýolagça hyzmat ediler.
  • Tizligi: Ýerden ýokarda gurulan demir ýol arkaly hereket edýän otlular sagatda 80 kilometr tizlik bilen gatnar.

Bu taslama Kair şäheriniň jemgyýetçilik ulag ulgamyny kämilleşdirmekde we ýolagçylara amatly şertleri döretmekde uly ädim hasaplanýar.