
Dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ylym ulgamynyň depginli ösdürilmegine, ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagyna, aýratyn-da, häzirkizaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň we alymlaryň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy täze ösüşler üçin zerur şertleri döredýär. Çünki ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gönüden-göni ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan habarly inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlyk derejesine baglydyr. Şu esasdan hormatly Prezidentimiz türkmen alymlarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýup, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösen tejribeleri, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak ugrunda netijeli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny okgunly ösdürmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň barşynda dünýäniň iň öňdebaryjy ylmy-tehniki üstünlikleri we innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralarynyň gurulmagyna-da aýratyn ähmiýet berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda biziň welaýatymyzda döwrebap orta mekdepleriň 2-siniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar. Bu döwrebap ylym-bilim edaralarynda dörediljek şertler bagtyýar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklaryna, hünär öwrenmeklerine giň yol açyp, olary täze gözleglere ruhlandyrar. Bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürjek, döwletimiziň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrjak başarjaň hünarmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi ugrundaky aladalardan nyşandyr.
Şanly ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna eýe bolmagy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanylmagy tutuş halkymyz üçin şatlykly wakalaryň birine öwrüldi. Bu hormatly at Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda, başarjaň ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmekde alyp barýan işlerine goýlan hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri üstünliklere beslensin!
Keywords