Ko­fe bü­tin dün­ýä­de meş­hur bo­lan içim­lik­le­riň bi­ri­dir. Hoş­boý ys­ly bu içim­lik şow­lu­ly­gyň we iş­jeň­li­giň ny­şa­ny bol­mak bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­gy ber­kit­mä­ge hem-de uzak ýa­şa­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ko­fe iç­me­giň öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­na tä­sir ed­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy. Her gün 2-4 çaş­ka ko­fe iç­mek ýü­rek-da­mar ul­ga­myn­da dö­räp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da yzy­gi­der­li ko­fe iç­ýän­le­riň iç­me­ýän­le­re se­re­de­niň­de, ýü­rek-da­mar tö­wek­gel­çi­li­gi­niň 10-15 gö­te­rim pes­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ko­fe ýü­rek sag­ly­gy­ny go­ra­mak bi­len bir ha­tar­da, süý­ji ke­se­li­niň dö­re­mek how­pu­nyň öňü­ni al­ma­ga we ýaş bi­len bag­la­ny­şyk­ly DNK-ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ko­fe beý­ni üçin iň peý­da­ly iç­gi­le­riň bi­ri­dir. Ýa­dy go­wu­lan­dyr­ýan, hüş­gär­li­gi­ňi art­dyr­ýan we keý­pi­ňi gö­ter­ýän ko­fe ba­gyr ke­sel­le­ri­niň dö­re­me­gi­niň hem öňü­ni al­ýar. Ajy ta­gam­ly bu içim­lik düw­nük ke­se­li­niň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azal­dyp, be­de­niň alyş-çal­şy­gy­ny çalt­lan­dyr­ýar we sem­re­me­giň öňü­ni al­ýar.

Ko­fe ba­ra­da

Kofe aslynda miwe bolup, kiçijik alça meňzeýär. Ajymtyk tagamly bu miwe birbada ýetişmeýär. Ýaşyl däneleri haçanda gyzgylt reňke öwrülende, kofe hasyly ýygnalyp başlanýar. Onuň bişenlerini agajynda saýlap ýygnamaly bolýar. Kofeniň ata Watany Efiopiýa hasaplanýar. Efiopiýada 200-den gowrak kofeniň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ilkibaşda kofeniň dänesi çeýnelip, ajymtyk tagamy dadylan bolsa, XV asyrda guradylan kofe däneleri owradylyp, gyzgyn suwa garylan görnüşde sarp edilip başlanýar. Kofe dänelerini üwäp, gyzgyn içimlige öwürmek usulyny demirgazyk afrikalylar oýlap tapýar. Şeýlelikde, owradylan kofeniň söwdasy başlanyp, Efiopiýadan Müsüre we Anadola, soňra Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Kofe araplaryň «kahwah» sözünden gelip çykyp, Gündogar ýurtlarynda «kofe», Ýewropa ýurtlarynda «koffie» görnüşinde atlandyrylyp başlanýar. Häzirki wagtda her ýyl 10 million tonnadan gowrak kofe öndürilýär. Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Peru we Hindistan kofe öndüriji esasy ýurtlar hasaplanýar. Kofe önümçiliginde «Starbucks», «Costa Coffee», «Nescafe», «Tim Hortons», «Dunkin Doughnuts» kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. Skandinawlylar adam başyna iň köp kofe içýän halk hasaplanýar. Kofe içmekde ýurtlar boýunça ABŞ, Braziliýa we Germaniýa öňdeligi eýeleýär. Kofe nebitden soňra iň köp satylýan harytlaryň biri bolup, durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Kofeni dogry saýlamak we taýýarlanyşyna ünsli çemeleşmek esasy şertleriň biridir. Bu içimlik öýde, işde, ýaryşlarda, gürrüňdeşliklerde täze pikirleriň döremegine, üstünliklere ýetmäge goldaw berýär.