Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-niň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki sanly innowasiýalar boýunça maslahata gatnaşýar.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý.Gülmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sanly innowasiýalaryň ösüşi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysady ösüşe goşýan goşandy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahata Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Çäräniň işine hususy pudagyň we halkara bilermenler jemgyýetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşyp, häzirki zaman tehnologik çözgütlerini we öz tejribelerini hödürleýärler. Olaryň hatarynda «Meta», «Oracle», «Honeywell Technologies», «Wabtec», «McKinsey», «EPAM», «Plug and Play» we «Alchemist Accelerator» ýaly kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleri bar.

Maslahatyň dowamynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, emeli aňy ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlar, şeýle hem bu ugurlarda döwletleriň we halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

29-njy sentýabrda geçirilen maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, häzirki zaman sanly tehnologiýalary önümçilige we beýleki ugurlara ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda bu ugurda durmuşa geçirilýän başlangyçlara we gazanylan netijelere üns çekilip, sanly tehnologiýalary ösdürmegiň geljekki ileri tutulýan ugurlary barada hem bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde sanly innowasiýalary we emeli aňy ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary netijeli ulanmak, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmalar dowam etdiriler.

«C5+1» formatyndaky çäre Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-niň arasynda sanly innowasiýalar, tehnologiýalar we emeli aň ugurlary boýunça tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.