2026-njy ýylyň 28–29-njy sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant forumy geçirildi. Halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen foruma Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Forumyň esasy gün tertibine adam söwdasyna getirýän global ýagdaýlar we bu howpa garşy göreşmek boýunça halkara tejribeler, şeýle hem adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini anyklamakda we ýüze çykarmakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleler girizildi.

Çäräniň dowamynda adam söwdasyndan ejir çeken adamlary wagtynda ýüze çykarmak we olara zerur kömegi bermek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Forumda Türkmenistanyň wekiliýeti hem çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat barada maglumat berdi. Çykyşda Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada aýdyldy.

Türkmen tarapynyň çykyşynda migrasiýa ulgamynda toplanan oňyn tejribä, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyna gönükdirilen çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilendigi bellenildi. Bu ýörelgä laýyklykda, ýurdumyzda adamyň we onuň hukuklarynyň goragy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Forumyň çäklerinde adam söwdasynyň öňüni almak, onuň pidalaryny goramak we olara ýardam bermek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilik döredildi.