Türkmenistanyň Döwlet sirki 4-nji oktýabrda geçiriljek täze sirk tomaşasyna tomaşaçylary çagyrýar. Tomaşada milli sirk sungatynyň özboluşly çykyşlary, ussat türgenleriň çykyşlary hem-de tälim berlen haýwanlaryň gyzykly görkezilişleri hödürlener.
Tomaşanyň esasy myhmanlarynyň biri halkara sirk festiwallarynda birnäçe gezek ýeňiş gazanyp, baş baýraklara mynasyp bolan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bolar. Şeýle hem tomaşaçylara «Türkmen jigitleri» toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çykyşlary görkeziler.
Sirk maksatnamasynyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen we ýörite tälim berlen haýwanlaryň gatnaşmagyndaky gyzykly çykyşlara hem tomaşa etmek mümkin bolar.
Türkmenistanyň Döwlet sirki maşgalalar, şol sanda çagalar bilen dynç almak we şatlykly pursatlary geçirmek üçin tomaşaçylara dürli görnüşli çykyşlary hödürleýär.
Biletleri öňünden almak isleýänler Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi web sahypasyndan peýdalanyp bilerler: sirk.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefonlar: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.