
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyza täze bellenen Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-je bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatik duşuşygyň dowamynda täze ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmen tarapy ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda oňa üstünlikler diledi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar köpýyllyk dostluga, ynama we özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Esasanam, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň syýasy gepleşikleri ilerletmekdäki orny aýratyn bellenildi.
Söbetdeşler halkara guramalaryň çäklerindäki özara goldawy güýçlendirmäge hem-de parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem duşuşykda aşakdaky ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi:
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ilçiniň täze wezipesindäki işlerine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny bildirdi.
Keywords