Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi. Resminama Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa tarapyndan hödürlenildi.
Ýurdumyzda geljek ýylyň esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujeti 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň mejlisinde kabul edildi.
Şol mejlisde deputatlar Mejlisiň «2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» kararyny hem tassykladylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.