Sentýabr aýynda ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän «Koreýa – Merkezi Aziýa» sammiti sebit ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin möhüm mümkinçilik hökmünde görülýär.

Centralasia-korea.org saýtynyň habar bermegine görä, bu mesele boýunça «Global Asia» žurnalynda seljerme çap edildi. Gazagystanyň syýasatşynasy Aýdar Kurmaşewiň taýýarlan makalasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara derejesinde bilelikdäki diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşendigine garamazdan, sebitara söwda we önümçilik hyzmatdaşlygynyň heniz ýeterlik derejede jebisleşmändigi bellenilýär.

Hünärmeniň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň netijeliligini diňe ikitaraplaýyn şertnamalaryň sany bilen däl, eýsem birnäçe Merkezi Aziýa döwletini birleşdirýän bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen ölçemek zerur. Hususan-da, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, oba hojalygy, awtoulag şaýlary we mikroelektronika ýaly ugurlarda bilelikdäki önümçilik zynjyrlaryny döretmek teklip edilýär.

Seljermede sanly hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Elektron resminama dolanyşygy, ýük maglumatlarynyň öňünden alyşylmagy we serhetlerde töwekgelçilikleri bilelikde dolandyrmak ýaly çözgütleriň sanly söwda geçelgelerini ösdürmäge ýardam berip biljekdigi bellenýär.

Şeýlelikde, «Koreýa – Merkezi Aziýa» sammitiniň adaty diplomatik gepleşiklerden has giňe çykyp, sebitde serhetüsti ykdysady taslamalaryň we sanly ykdysady geçelgeleriň ösdürilmegine itergi bermegine garaşylýar.