Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin umumy döwlet salgytlaryndan gelip gowuşýan serişdeleriň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň býujetlerine geçiriljek paýlarynyň kadalary tassyklanyldy. Bu düzgünler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Döwlet býujeti hakyndaky Kanunynda göz öňünde tutulýar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, degişli paýlar goşulan baha üçin salgydy, peýda salgydy we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgyt boýunça kesgitlenildi.
Aşgabat şäheriniň býujetine goşulan baha üçin salgydynyň we peýda salgydynyň 4,8 göterimi, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgydyň bolsa 7 göterimi geçiriler.
Arkadag şäheri üçin goşulan baha üçin salgydy we peýda salgydy boýunça 100 göterim, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgyt boýunça bolsa 0 göterim möçberinde kada bellenildi.
Ahal welaýatyna goşulan baha üçin salgydynyň 100 göterimi, peýda salgydynyň 99 göterimi we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgydyň 100 göterimi gönükdiriler. Balkan welaýatynda bu görkezijiler degişlilikde 23, 22 we 23 göterime deň bolar.
Daşoguz welaýatynyň býujetine goşulan baha üçin salgydynyň we peýda salgydynyň 100 göterimi geçirilse, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin alynýan salgyt boýunça bu görkeziji 0 göterim bolar.
Lebap welaýatynyň býujetine üç salgyt görnüşiniň her biri boýunça 100 göterim, Mary welaýatynyň býujetine bolsa 73 göterim möçberinde serişdeler gönükdiriler.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary 138 milliard 68 million 400 müň manat möçberinde tassyklanyldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.