Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda özbek dramaturgy Ö. Haşimowyň «Öýlenesim gelýär» atly komediýasy sahna çykarmak üçin taýýarlanylýar. Täze sahna eseriniň režissýory teatryň döredijilik işgärlerinden Ç. Öräýewadyr.

Komediýada gündelik durmuşda gabat gelýän gyzykly wakalar, ynsan gatnaşyklary we dürli häsiýetler gülki, degişme, aýdym-saz arkaly beýan edilýär. Eser tomaşaçylara şadyýan pursatlary peşgeş bermegi maksat edinýär.

Täze sahna oýnunda teatryň artistleri B. Röwşenowa, Z. Şükürowa, O. Jumaýewa, P. Allaberdiýew, T. Allaberdiýew, M. Döwletowa, B. Aşyrow we beýleki döredijilik işgärleri dürli keşpleri ýerine ýetirýärler.

Bu täze komediýa Lebap welaýatynyň teatr durmuşyny baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen we özbek teatr sungatynyň döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem goşant goşar.