Lebap welaýatynda ýol-ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ulag hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu ugurdaky çäreler ilatyň amatly gatnawyny üpjün etmek bilen bir hatarda, sebitiň ulag mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda welaýatda döwrebap howa, demirýol we awtoulag ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenabat we Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleri, Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly sebitiň ulag ulgamynyň möhüm desgalarynyň hataryna girýär.
Şeýle hem Türkmenabat şäherinde ýolagçy gatnawlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap ulag desgalary we täze ulag serişdeleri ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda Lebapda ýolagçy gatnawlaryny has-da kämilleşdirmek, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu çäreler welaýatyň ykdysady we ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň has-da artmagyna şert döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.