«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň önümçilik kärhanalary 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda tebigy gaz çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi. Hasabat döwründe meýilleşdirilen 4 milliard 472 million kub metr gazyň deregine 4 milliard 966 million kub metr «mawy ýangyç» çykaryldy. Şeýlelikde, meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi.
Müdirligiň esasy önümçilik bölümleriniň ählisinde ýokary netijeler gazanyldy. Demirgazyk-Balguýy liniýa-önümçilik bölümi 622,7 million kub metr ýerine 685 million kub metr tebigy gaz çykardy. Bu görkeziji meýilnamanyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Naýyp bölümi hem önümçilik meýilnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Bölümde meýilleşdirilen 181,2 million kub metr gazyň deregine 193 million kub metr önüm çykarylyp, meýilnama 106,5 göterim ýerine ýetirildi.
Müdirligiň iň iri önümçilik bölümleriniň biri bolan Kükürtli bölümi has-da ýokary netijäni görkezdi. Bu ýerde 3 milliard 668,1 million kub metr gaz çykarmak meýilleşdirilen bolsa, hakyky önümçilik 4 milliard kub metrden geçdi. Netijede, meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi.
Önümçilik netijelerindäki oňyn ösüş gaz kondensatynyň öndürilişinde hem dowam etdi. Ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilen 13 müň 421 tonnanyň deregine 16 müň 768 tonna gaz kondensaty öndürildi. Şeýlelikde, bu ugurdaky meýilnama 124,9 göterim ýerine ýetirildi.
Müdirligiň işgärleriniň zähmet şertleriniň gowulandyrylmagyna we olaryň hukuklarynyň goralmagyna hem aýratyn üns berilýär. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan işgärler üçin dürli medeni-köpçülikleýin, sport we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şeýle hem kärhanada howpsuz hem-de amatly zähmet şertlerini üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýylyň ikinji ýarymynda gazanylan ýokary önümçilik görkezijilerini dowam etdirmegi we ýyllyk meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.