Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamy üçin ýokary hünärli sazandalary we aýdymçylary taýýarlamak maksady bilen, 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Konserwatoriýa hünärmen maksatnamasy boýunça aşakdaky ugurlar boýunça talyplyga kabul edýär:
- Býujet esasynda: Türkmen sazy, halk saz gurallary, fortepiano, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym sungaty, bagşyçylyk, opera sungaty, hor we orkestr dirižýorlygy, sazşynaslyk hem-de kompozisiýa.
- Tölegli esasda: Saz mugallymçylygy we estrada sungaty.
Okuwa girmek üçin dalaşgärleriň orta hünär saz biliminiň bolmagy zerurdyr. Estrada sungaty we saz mugallymçylygy ugurlaryna bolsa çagalar sazçylyk mekdebini tamamlanlar hem kabul edilip bilner.
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça) kabul edilýär. Dalaşgärler arza, sowalnama, bilimi baradaky resminama, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi, pasport we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 29-njy iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda geçiriler. Synaglar saýlanan hünäre baglylykda iki esasy bölümi öz içine alýar:
- Hünär synagy: Ýerine ýetirijilik (okuw guralynda çalmak ýa-da aýdym aýtmak) we söhbetdeşlik.
- Nazary synaglar: Solfejio, garmoniýa (ýa-da saz nazaryýeti) we Türkmenistanyň taryhy boýunça ýazmaça hem-de dilden synaglar.
Bellenilen wagtda synaga gelmedik ýa-da synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22. Telefon belgisi: 92-28-56.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.