Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň esasy bilim ojagy hökmünde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça talyplyga kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.

Okuw ugurlary

Uniwersitetde matematika, fizika, biologiýa, himiýa, geografiýa, taryh, psihologiýa, filologiýa, žurnalistika, hukuk, syýasaty öwreniş we ylahyýet ýaly köp sanly ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Şeýle-de, mugallymçylyk we durmuş işi ugurlary boýunça bakalawr maksatnamalary bar.

Magistraturada bilim almak mümkinçiligi

Uniwersitet «Pedagogika bilimi (bilimiň pedagogikasy we psihologiýasy)» ugruna magistr maksatnamasy boýunça hem talyplyga kabul edýär. Bu okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Resminamalary kabul etmek

Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna ýazylan arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.

Giriş synaglarynyň tertibi

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen aşakdaky möhletlerde synaglara gatnaşyp bilerler:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri: 29-31-nji iýul, 1-nji awgust;
  • Mary welaýaty: 2-5-nji awgust;
  • Balkan welaýaty: 6-8-nji awgust;
  • Daşoguz welaýaty: 9-12-nji awgust;
  • Ahal welaýaty: 13-16-njy awgust;
  • Lebap welaýaty: 17-19-njy awgust.

Magistratura boýunça synaglar bolsa 18-19-njy awgustda geçiriler.

Synaglar döwlet dilinde dilden geçirilip, saýlanan hünäre baglylykda degişli dersler boýunça guralar. Bellenilen wagtda synaglara gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.

Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31. Telefon belgileri: 94-69-90, 94-54-29.