Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti lukmançylyk, pediatriýa, stomatologiýa, farmasiýa we harby lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna talyplyga kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.

Okuw ugurlary

Uniwersitetde hünärmen maksatnamasy boýunça okuwlar býujet we tölegli esasda alnyp barylýar:

  • Býujet esasynda: Pediatriýa, stomatologiýa, saglygy goraýyş-öňüni alyş işi, dikeldiş we sport lukmançylygy, harby lukmançylyk (bejeriş-öňüni alyş işi).
  • Tölegli esasda: Bejeriş işi, farmasiýa.

Resminamalary kabul etmek

Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar. Harby lukmançylyk ugruna girmek isleýänler üçin goşmaça lukmançylyk güwänamalary we harby gulluk bilen bagly resminamalar talap edilýär.

Giriş synaglarynyň tertibi

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde döwlet dilinde dilden geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri: 29-njy iýul — 1-nji awgust;
  • Balkan welaýaty: 2-4-nji awgust;
  • Daşoguz welaýaty: 5-8-nji awgust;
  • Lebap welaýaty: 9-12-nji awgust;
  • Mary welaýaty: 13-16-njy awgust;
  • Ahal welaýaty: 17-20-nji awgust.

Synaglar biologiýa, himiýa we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Harby lukmançylyk ugruna dalaşgärler goşmaça beden taýýarlygy (ylgamak we göwräňi çekmek) boýunça kadalary ýerine ýetirmelidirler.

Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, A.Gowşudow köçesi, 58. Telefon belgisi: 92-71-09.