Ylym güni hem-de 2026-njy ýylyň «Arkadagly ýaşlar we dünýäniň ösen tehnologiýalary» şygaryna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Ýaşlaryň innowasion tehnologiýalar» atly IV bäsleşigiň netijeleri yglan edildi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 35 ýaşyna çenli zehinli ýaşlaryň 600-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 200-e golaý innowasion taslama saýlanyp alyndy. Jemleýji (Final) tapgyry uniwersitetiň binýadynda sergi-bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda ýaşlar özleriniň ylmy-barlag, inženerçilik we döredijilik ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň «Gran-pri» baýragynyň eýesi:
Bäsleşigiň baş baýragyna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki zehinli çagalar üçin ýöriteleşdirilen 24-nji mekdebiniň 12-nji synyp okuwçysy Gülbahar Orazberdiýewa mynasyp boldy. Ol özüniň «Çaganyň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek üçin sanly ulgamy ulanmak» atly taslamasy bilen eminleri haýran galdyrdy.
Birinji orna mynasyp bolan taslamalar:
- Aýşat Işangulyýewa (Mary welaýaty) – «Ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň ukusyzlygyna gözegçilik edýän smart-äýnekler»;
- Alybaba Begow (A.Nyýazow adyndaky zehinli çagalar mekdebi) – «DubAI (Wideoduplýaž taslamasy)»;
- Aýjemal Hydyrowa («Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty) – «Ferromagnetik täsir arkaly gazy çygly arassalamak usuly»;
- Suraý Memiýewa (Oguz han adyndaky ITU) – «Künji galyndylaryndan gliserin öndürmegiň tehnologiýasy»;
- Merjen Haýtgylyýewa (Türkmen oba hojalyk instituty) – «Apiplantin — ekologiki taýdan arassa şemler»;
- Aýnur Atamyradowa (Oguz han adyndaky ITU) – «Red Diamond — gan donorlygynyň ilkinji onlaýn platformasy»;
- Didar Döwrangeldiýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) – «EKO-robot»;
- Annamämmet Garajaýew (Oguz han adyndaky ITU) – «Akylly oba hojalyk tehnikasy».
Bäsleşikde şeýle hem 7 sany ikinji we 19 sany üçünji orunlar kesgitlenip, jemi 26 sany taslama baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýeňijilere we baýrak eýelerine diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de, uniwersitet tarapyndan ýaşlara ýokary okuw jaýlaryna girmek we işe ýerleşmek üçin ýörite höweslendiriji hatlar berildi.
Bu bäsleşik ýaşlaryň ylmy gözleglere, inženerçilik işlerine hem-de döwletimiziň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda möhüm orun eýeleýär.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.