
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary halkara ylmy-bilim giňişliginde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň «Mehatronika we robototehnika» hünäri boýunça 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewadyr.
Talyp gyz Germaniýanyň Akademik alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) ýokary derejeli tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 1-nji iýuldan 30-njy iýul aralygyny öz içine alýan bu okuw sapary, Çynaryň geçen ýokary derejeli bäsleşikde görkezen akademiki üstünlikleriniň, ylmy potensialynyň we kesgitli hünär maksatlarynyň netijesidir.
Maksatnamanyň çäginde Çynar Garlyýewa Ýöte institutynyň (Goethe-Institut) binýadynda nemes diliniň dört hepdelik intensiw kursuny geçýär. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, hepdede 25 akademik sagatlyk okuw sapaklary geçirilip, onda talyplar diňe bir dil endiklerini däl, eýsem, inženerçilik, awtomatlaşdyrma we öňdebaryjy tehnologiýalar pudagynda Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesini hem öwrenýärler.
Bu halkara okuw tejribeligi talyp üçin diňe bir hünär gözýetimini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, Germaniýanyň taryhy, medeniýeti we milli däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga, dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga hem giň mümkinçilik döredýär.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplarynyň halkara derejeli akademiki maksatnamalara yzygiderli gatnaşmagy, ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligine üstünlikli goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords