Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti inženerçilik, tehnologiýa, sanly ulgamlar we ykdysadyýet ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.

Okuw şertleri we ugurlar

Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde, tölegli esasda alnyp barylýar. Okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, onuň birinji ýyly dil taýýarlygyna, galan 4 ýyly bolsa bakalawr maksatnamasy boýunça hünär öwrenmäge gönükdirilendir.

Tölegli esasda hödürlenýän esasy ugurlar:

  • Tehnologiýa we inžiniring: Himiýa, biotehnologiýa, materiallary öwrenmek, nanotehnologiýalar, maşyngurluşyk (robototehnika we mehatronika), elektronika we biolukmançylyk elektronikasy.
  • Sanly ulgamlar: Informatika, kiberhowpsuzlyk, emeli aň, mobil we tor inžiniringi, animasiýa we grafiki dizaýn.
  • Ykdysadyýet we dolandyryş: Innowasion menejment, tehnologiýa işewürligi we halkara işewürlik.
  • Dil bilimi: Filologiýa (tehniki iňlis we ýapon dilleri), kompýuter lingwistikasy.

Resminamalary kabul etmek

Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.

Giriş synaglarynyň tertibi

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:

  • Daşoguz welaýaty: 29-31-nji iýul;
  • Mary welaýaty: 30-njy iýul — 1-nji awgust;
  • Lebap welaýaty: 31-nji iýul — 2-nji awgust;
  • Ahal welaýaty: 1-4-nji awgust;
  • Balkan welaýaty: 3-5-nji awgust;
  • Aşgabat we Arkadag şäherleri: 4-7-nji awgust.

Synaglar döwlet dilinde, saýlanan hünäre baglylykda himiýa, biologiýa, fizika, matematika ýa-da iňlis dili dersleri boýunça dilden geçirilýär. Bellenilen wagtda synaglara gelmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.

Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Köşi köçesi, 100. Telefon belgisi: 39-16-67.