Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Dünýäniň 22 döwletinden 50-den gowrak abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, alymlaryň hem-de halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu forumda ylym-bilim we önümçilik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde uniwersitetimiz halkara derejedäki gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, birnäçe möhüm ähtnamalara gol çekdi:
- Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersiteti bilen talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy boýunça ylalaşyk;
- Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýa uniwersiteti hem-de Çaňan uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalar;
- Katar Döwletindäki Doha ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen akademiki hyzmatdaşlyk babatda ähtnama;
- Türkiýäniň “METABIO Biotechnology” kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama.
Bu resminamalar ylym, innowasion tehnologiýalar we hünärmen taýýarlygy ugurlarynda tejribe alyşmagy, şeýle-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegi göz öňünde tutýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.