Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen Döwlet bäsleşiginde ýokary netije görkezip, baýrakly orunlara eýe boldular.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň intellektual hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, talyplarymyz halkara we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde yzygiderli üstünlik gazanýarlar. 2026-njy ýylyň maý aýynda geçirilen Döwlet bäsleşigi hem munuň aýdyň mysaly boldy.
Bäsleşikde dürli dersler boýunça III derejeli Diplom bilen sylaglanan talyplar we olary taýýarlan halypa mugallymlar şulardyr:
- Matematika: Ogulşirin Toýlyýewa (1-nji ýyl), taýýarlan mugallymy: Şallyýew Tirkeş Gurbanowiç.
- Sanly ykdysadyýet: Döwlet Saparow (2-nji ýyl), taýýarlan mugallymy: Berdiýewa Oguljennet Hakberdiýewa.
- Ekologiýa we daşky gurşawy goramak: Nurana Muhadowa (2-nji ýyl) we Elnara Taganbaýewa (3-nji ýyl), taýýarlan mugallymy: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.
- Rus dili: Musa Hakberdiýew (2-nji ýyl), taýýarlan mugallymy: Jumadurdyýewa Gymmat Şamuradowna.
- Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş: Göwher Gurbanlyýewa (2-nji ýyl) we Oguljennet Ataýewa (3-nji ýyl), taýýarlan mugallymy: Akmämmedowa Gyzylgül Annamyradowna.
- Iňlis dili: Tyllagözel Agamyradowa (3-nji ýyl), taýýarlan mugallymlary: Karliýewa Tumar Kurbanowna we Annamyradowa Läle Saparowna.
Bu ýeňiş talyplaryň okuwa bolan yhlasynyň we olara döwrebap bilim berýän mugallymlaryň netijeli zähmetiniň miwesidir. Mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar düzümi üstünlik gazanan talyplaryny tüýs ýürekden gutlap, olara geljekki okuw hem-de hünär ýolunda täze-täze belentliklere ýetmeklerini arzuw edýärler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.