
Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde uçurymlaryň gutardyş synaglary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şu aýyň başynda badalga alan bu möhüm möwsümde okuwçylar bilim edaralarynda geçen ýyllaryň dowamynda gazanan bilimlerini görkezýärler.
Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Umida Bakyýewanyň bellemegine görä, synaglara bilim edaralarynyň ählisinde düýpli taýýarlyk görüldi. Okuwçylar esasy dersler boýunça bilimlerini barlap, özleriniň ak mekdepde berlen sapaklary nähili özleşdirendiklerini subut edýärler.
Synaglar üçin taýýarlanan sowallar Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Milli bilim instituty tarapyndan tassyklanyp, olar okuwçylaryň dürli synplarda geçen okuw maksatnamalarynyň özüne çekýär. Bu bolsa bilim derejesiniň hemmetaraplaýyn we dogry barlanmagyna şert döredýär.
Gutardyş synaglarynda gazanylan netijeler okuwçylaryň gutardyş şahadatnamalaryna ýazylýar. Şol sebäpli uçurymlar bu jemleýji synaglara örän jogapkärçilikli çemeleşýärler. Ýakynda tamamlanmagyna garaşylýan synag möwsümi, mekdep ýyllarynyň netijelerini jemläp, uçurymlaryň geljekki hünär saýlaýyş ýollaryna täze bir ädim bolup hyzmat edýär.
Keywords