
Özbegistan Respublikasynyň «Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak injenerleri instituty» milli barlag uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanda hünär tejribeligini üstünlikli tamamladylylar.
Bu çäre Özbegistanyň «Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak injenerleri instituty» milli barlag uniwersiteti bilen S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasyndaky ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäginde, şu ýylyň 16-njy maýy — 1-nji iýuny aralygynda guraldy.
Hünär tejribeliginiň maksatnamasyna özbek agrar ýokary okuw mekdebiniň 19 talyby we 2 mugallymy gatnaşdy. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň oba we suw hojalygy pudaklaryna degişli birnäçe iri kärhanalarda boldular. Hususan-da, olar Ak bugdaý etrabyndaky «Gidropark» suw galdyryjy bekdediniň hem-de «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işi bilen ýakynykdan tanyşdylar. Şeýle hem, özbegistanly hünärmenler we talyplar S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň professor-mugallymlar düzümi tarapyndan guralan leksiýalara we amaly sapaklara işjeň gatnaşdylar.
Saparyň maksatnamasyna medeni çäreler hem girizildi. Doganlyk Özbegistanyň wekilleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Döwlet merkezi botanika bagyna, şeýle-de paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine gezelenç etdiler.
Özbegistanyň wekiliýeti ylmy we bilim tejribesini alyşmak üçin döredilen ýokary şertler hem-de görkezilen mähirli myhmanparazlyk üçin türkmen kärdeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan ylmy-gumanitar hyzmatdaşlygyň çäginde, golaý wagtda S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe geçmek üçin Özbegistan Respublikasyna jogap sapary meýilleşdirilýär.
Keywords