
Pyrtykal saglyga peýdaly miwedir. Onuň düzüminde A, B, C ýokumlary, foliý turşusy, magniý, kaliý, marganes, fosfor, demir, sink we beýleki peýdaly maddalar bar. Ol askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň, antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň hem çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de bu miwe saglygy goramakda we dikeltmekde örän peýdaly hasaplanylýar.
Pyrtykal semizlige garşy göreşmekde-de haýyrlydyr. Çünki onuň düzümindäki B ýokumy bedende ýaglaryň alyş-çalşygyny sazlaýar, ganyň düzüminde holesteriniň derejesini peseldýär, içege ýollaryny arassalaýar we işjeňligini kadalaşdyrýar. Pyrtykal bagyr we ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara hem maslahat berilýär. Şeýle-de pyrtykalda C ýokumynyň bardygy sebäpli onuň şiresi dişagyrynyň öňüni almakda hem ulanylýar. Pyrtykal şiresiniň ösümlik ýagy bilen deň mukdarda garylan şiresi süňk agyrylarynda ýapgy edilýär, deriniň garalan, gatan ýerlerine çalynýar. Onuň gabygynda hem C ýokumynyň köp mukdarda bardygy üçin deridäki gara tegmilleri aýyrmakda we deriniň gözeneklerini iýmitlendirmekde ähmiýetlidir.
Keywords