
Russiýanyň I. M. Seçenow adyndaky Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagyna görä, koronawirusdan soň adamlar çylşyrymly süňk keseline – bud süňküniň kellejik böleginiň osteonekrozy (BSKO) – duçar bolup bilerler.
Bud süňküniň osteonekrozy – bu süňk dokumalarynyň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagy sebäpli ýüze çykýan weýran ediji kesel. Bu ýagdaý agyrylara, hereketiň çäklendirilmegine, hromlamaga hem-de soňunda operasiýa arkaly süňki çalyşmak zerurlygyna getirýär.
Pandemiýadan öň bu keseliň esasy sebäpleri hökmünde uzak wagt steroid dermanlaryny ulanmak, alkogolizm we agyr şikesler görkezilýärdi. Ýöne 2020-nji ýyldan soň, hatda ýeňil görnüşde koronawirus geçiren we steroid ulanmaýan näsaglaryň arasynda hem osteonekroz ýagdaýlarynyň artýandygy anyklanyldy.
Alymlar koronawirus geçiren we bud bogunlarynda agyry bilen lukmana ýüz tutan näsaglaryň süňk dokumalaryna patomorfologik analiz geçirdiler. Netijede:
Bu faktlar süňküň ýuwaş-ýuwaşdan weýran bolmagyna ýol açýar.
Alymlaryň bellemegine görä, koronawirusy geçiren her bir adam – keseliniň ýeňil ýa agyr geçendigine, ýaşyna ýa jynsyna garamazdan – osteonekroz howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
Aşa möhümi – bud bogunlarynda ýüze çykýan alamatlara üns bermek:
Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda lukmançylyk barlagyndan geçmek maslahat berilýär, MRI (magnit-rezonans tomografiýasy) arkaly irki tapgyrda kesel kesgitlenip bilner.
Pandemiýa geçen hem bolsa, COVID-19-yň uzak möhletleýin täsirleri bilen bagly ylmy barlaglar dowam edýär.
Keywords