Russiýanyň Seçenow adyndaky uniwersitetiniň alymlary COVID-19 ýokanjyndan soň koronawirusyň käbir yzlarynyň adam bedeninde uzak wagtlap saklanyp bilýändigini we dürli keselleriň ösüşine täsir edip biljekdigini anykladylar. Bu barada «RIA Nowosti» habar gullugy ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Barlaglaryň dowamynda hünärmenler koronawirusyň RNK-syny (ribonuklein turşusy) we beloklaryny ýokançdan birnäçe aý, hatda birnäçe ýyl geçenden soň hem ýüze çykardylar. Bu yzlar öýkende, aşgazan-içege ulgamynda, ýürekde we endometriýada, ýagny ýatgynyň içki gatlagynda tapyldy.

Alymlaryň maglumatlaryna görä, COVID-19-dan soňky döwür öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň döremegi bilen bagly bolup biler. Käbir hassalarda bolsa uzak wagtlap dowam edýän çişme hadysalary hasaba alyndy.

Barlaglarda COVID-19-dan soňky ýagdaýyň öýkeniň rak keseli, bagyrdaky üýtgeşmeler, aşgazan-içege ulgamynyň keselleri, şol sanda inçe we ýogyn içegäniň hem-de aşgazanasty mäziň keselleri, şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň bozulmalary bilen mümkin bolan arabaglanyşygy hem öwrenildi.

Hünärmenleriň bu ugurdaky barlaglary koronawirus ýokanjyndan soň bedende bolup geçýän uzak möhletli üýtgeşmelere has gowy düşünmäge we COVID-19-dan soňky ýagdaýyň dürli keselleriň ösüşine ýetirip biljek täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, keselleriň arasynda arabaglanyşygyň ýüze çykarylmagy olaryň gönüden-göni koronawirus sebäpli d