2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň dokuzynjy Hytaý Halkara import harytlary sergisine — «China International Import Expo – 2026» gatnaşmagynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» bilen bilelikde guralan forum ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary mynasybetli geçirilýär. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.
Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar Şanhaýyň Milli sergi we maslahatlar merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördüler. Bu ýerde ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri, şeýle-de türkmen önüm öndürijileriniň harytlary bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi.
«Beýik Ýüpek ýoluny ösdürmek: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdo(w) gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Forumyň esasy gün tertibine türkmen-hytaý söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, senagat kooperasiýasyny ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri girizildi.
Duşuşyklarda energetika, dokma, gurluşyk we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaýly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurtda döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumat berildi.
Çäräniň jemleri boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmen-hytaý işewürlik forumy 7-nji noýabra çenli dowam eder. Forum iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we işewür düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.