
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny dünýä tanydan dabaraly pursatlar boldy. Informatika boýunça geçirilen IV halkara açyk internet-olimpiadasynda «Sanly dolandyryş» ugrunyň magistrantlary uly üstünlik gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Bu gezekki intellektual ýaryş özüniň gerimi bilen tapawutlandy. Bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden, şol sanda Hytaý, Germaniýa, Russiýa, Saud Arabystany we Malaýziýa ýaly tehnologik taýdan ösen ýurtlaryň 57 sany abraýly ýokary okuw mekdeplerinden jemi 793 talyp gatnaşdy.
Gatnaşyjylar iki sagadyň dowamynda diňe bir programmalaşdyrmak däl, eýsem häzirki zamanyň iň möhüm IT-ugurlary boýunça synagdan geçdiler:
Akademiýanyň magistrantlary üçin bu ilkinji halkara synagy bolsa-da, olar 10 sany örän çylşyrymly meseleleri çözmekde ýokary professionalizm görkezdiler.
Topplanan ballaryň netijesi boýunça Türkmenistanyň adyndan çykyş eden bäş sany zehinli ýaş hünärmen ýeňijileriň hataryna girdi. Olara I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy. Baýrakly orunlaryň eýeleri:
Bellemeli möhüm aýratynlyklaryň biri: olimpiadanyň netijelerini hasaplamak işi Türkmenistanyň hünärmenleri tarapyndan döredilen ýörite programma üpjünçiliginiň kömegi bilen amala aşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda diňe bir IT-hünärmenleriniň däl, eýsem ýokary hilli sanly önümleriň hem taýýarlanýandygynyň subutnamasydyr.
Dabarada nygtalyşy ýaly, bu ýeňiş ýönekeý bir baýrak däl-de, eýsem ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak baradaky döwlet strategiýasynyň amaly miwesidir. Geljekki döwlet dolandyryjylaryň halkara derejesindäki tejribe alyşmalary Türkmenistanyň global tehnologik giňişlikdäki abraýyny has-da berkider.
Keywords