
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Sanly.tm» milli sanly portaly, ýurduň kärhanalary we guramalary üçin iş proseslerini awtomatlaşdyrmaga, maglumat alyş-çalşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de işgärleriň bilelikdäki işlerini guramaga niýetlenen täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Bu platforma elektron poçta, kalendar, gözleg ulgamy we birnäçe sanly çözgütleri özünde jemleýän köpugurly gurallary öz içine alýar. Şeýle hem portalda döwlet hyzmatlaryna, söwda meýdançalaryna we internet dükanyna gönüden-göni geçiş salgylary bar bolup, bu bolsa ony ulanyjylar üçin gündelik işlerinde amatly gurala öwürýär.
«Sanly.tm»-iň esasy aýratynlyklarynyň biri — ýuridik şahslar üçin niýetlenen korporatiw elektron poçta hyzmatydyr. Hasaba alnandan soňra, her bir işgär özbaşdak elektron salgysyna eýe bolýar. Bu ulgam hat alyş-çalşygyny tertiplemek üçin çäksiz sanly papkalary döretmäge we goragly sanly gurşawda bilelikde işlemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa kompaniýalaryň içerki aragatnaşygynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Häzirki zaman interfeýsine eýe bolan bu platforma türkmen we rus dillerinde elýeterlidir. Ulanyjylar şahsy hasabyny özbaşdak hasaba alyp, poçta hyzmatyna we beýleki sanly çözgütlere doly hukukly giriş gazanyp bilýärler.
«Sanly.tm» ýaly milli sanly çözgütleriň ösdürilmegi jemgyýetçilik, biznes we döwlet düzümleri bilen elektron özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga uly goşant goşýar.
Keywords