Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak maksady bilen, 2026/2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary we hünärler
Institutda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça dürli ugurlar boýunça bilim berilýär:
- Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): Fizika we informatika, başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy, mekdebe çenli bilim we terbiýe, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hem-de ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa).
- Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): Matematika we informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa, taryh, türkmen dili we edebiýaty, dürli diller boýunça (rus, iňlis, nemes, hytaý, pars, arap) pedagogika bilimi, şeýle-de psihologiýa, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hem-de ekologiýa ugurlary.
- Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda): Pedagogika bilimi (bedenterbiýe) we durmuş işi.
Resminamalary kabul etmek
Okuwa girmäge isleg bildirýänler üçin resminamalar 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) kabul edilýär.
Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat we zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesini (işleýänler üçin) tabşyrmalydyrlar. Şeýle-de pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalary talap edilýär.
Giriş synaglary barada
Giriş synaglary Türkmenabat şäherinde ýerleşýän institutda geçirilip, welaýatlar boýunça möhletler aşakdaky ýaly bellenildi:
- Lebap welaýaty: 29-31-nji iýul, 1-3-nji awgust;
- Mary welaýaty: 4-7-nji awgust;
- Balkan welaýaty: 7-9-njy awgust;
- Daşoguz welaýaty: 8-11-nji awgust;
- Ahal welaýaty, Aşgabat we Arkadag şäherleri: 10-13-nji awgust.
Synaglar saýlanan hünärlere baglylykda degişli okuw dersleri boýunça döwlet dilinde dilden geçirilýär. Bellenilen wagtda synaga gelmedik ýa-da synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7. Telefon belgileri: (800422) 3-25-50, 3-04-18.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.