
Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrlikleriniň hem-de meşhur «KAMAZ» kompaniýasynyň bilelikde guramagynda, dünýäniň logistika taryhynda ilkinji gezek sürüjisiz ýük awtoulaglarynyň halkara gatnawy şowly amala aşyryldy. Bu taryhy taslama Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda durmuşa geçirildi.
Innowasion ýük awtoulaglary Gazagystan-Russiýa serhedinde ýerleşýän «Žana Žol» halkara gözegçilik-geçiriş nokadyndan bökdençsiz kesip geçip, bellenen ugurlar boýunça hereketlerini ynamly dowam etdirdiler.
Halkara ulag ulgamynda uly öňegidişlik bolan bu taslamanyň çäklerinde sürüjisiz tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýük ulaglary takmynan 3 müň kilometrlik gaty uzak aralygy söküp geçdiler. Sanly we intellektual ulgamlaryň netijeli ulanylmagy saýasynda, ýoldaky wagt iki esseden hem köp gysgaldyldy. Çylşyrymly ugur jemi iki gije-gündiziň içinde üstünlikli geçdi.
Täze tehnologiýalaryň önümçilige we logistika ornaşdyrylmagy diňe bir wagty tygşytlaman, eýsem sebitara söwda dolanyşygynyň tizligini hem-de ygtybarlylygyny düýpli ýokarlandyrmaga ýol açýar.
Iki goňşy döwlet amala aşyrylan ilkinji şowly tejribeden ugur alyp, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, taslamanyň gerimini giňeltmek we durnukly gatnawlary ýola goýmak üçin bilelikdäki hukuk binýadyny döretmek hem-de sürüjisiz ulaglar üçin döwrebap ýol-ulag düzümini kemala getirmek boýunça utgaşykly işleri dowam etdirerler.
Bu innowasion taslama sebitde we dünýäde sanly ulag koridorlaryny ösdürmegiň hem-de geljegiň ýokary tehnologik logistikasyny gurmagyň aýdyň nusgasy boldy.
Keywords