Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýada iň beýik binalaryň biriniň gurulmagy meýilleşdirilýär. «Duşenbe diňi» diýlip atlandyrylýan täze binanyň beýikligi 340 metre, gatlarynyň sany bolsa 77-ä ýeter.

Täze binagärlik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy paýtagtyň Şohmansur etrabynda geçirildi. Çärä Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem gatnaşdy.

Taslama diňe bir beýik diň bilen çäklenmän, 52 binany öz içine alýan iri köpugurly toplumy döretmegi göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda bäş sany beýik diň, şeýle hem sebitdäki iri söwda we dynç alyş merkezleriniň biri bolar.

Toplumyň çäginde 6160 öýli 42 ýaşaýyş jaýynyň, 1200 okuwça niýetlenen umumybilim berýän mekdebiň we 500 orunlyk çagalar bagynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Umumy meýdany 29 gektara barabar boljak toplumda ýaşaýyş, işewürlik, dynç alyş we dürli hyzmatlar üçin zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap şäher giňişligi dörediler.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Russiýanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Duşenbe diňiniň» gurluşygy tamamlanandan soň, ol diňe bir Täjigistanyň paýtagtynyň binagärlik keşbini üýtgetmän, eýsem Merkezi Aziýanyň şäher gurluşygyndaky iň iri taslamalaryň biri hökmünde hem tapawutlanar.