Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň (Caltech) hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan robot kosmos giňişliginde ilkinji gezek özbaşdak gurluşyk işini amala aşyrdy. Ol Ýeriň orbitasynda birnäçe bölekden ybarat bolan antenna gurluşyny ýygnamagy başardy. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.
Synagyň çäklerinde robota kompozit turbalardan, alýumin birikdirijilerden we şöhle serpikdiriji örtükden peýdalanyp, giňligi 1,4 metre deň bolan reflektorly antennany ýygnamak tabşyryldy. Gurluşyň iki bölegi kosmosa öňünden taýýar görnüşde iberildi, üçünji bölegini bolsa robotyň özi orbitada doly ýygnady.
Synagyň esasy aýratynlygy robotyň bu işi inženerleriň gönüden-göni gatnaşmazdan ýerine ýetirmegidir. Ýer bilen aragatnaşyk seanslarynyň dowamlylygy 15 minutdan geçmändigi sebäpli, alymlar her bir hereketi ilki bilen robotyň barlaghanadaky nusgasynda synagdan geçirdiler. Diňe şondan soň kosmosdaky enjama degişli buýruklar iberildi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu synag geljekde kosmosda örän uly, hatda kilometrlere uzaýan desgalary gurmak mümkinçiligine tarap möhüm ädimdir. Geljekde şeýle robotlar gurluşyk üçin zerur serişdeleri orbita daşap, adamlaryň uzak wagtlap ýaşamagy üçin niýetlenen kosmos desgalaryny özbaşdak gurup bilerler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.