Dünýäniň dürli ýurtlarynda täze okuw ýyly dürli däp-dessurlar we dabaralar bilen garşy alynýar. Käbir döwletlerde bu gün aýratyn baýramçylyk hökmünde bellenilse, başga ýurtlarda ilkinji synpa gadam basýan çagalar üçin ýörite çäreler geçirilýär.

Ermenistanda täze okuw ýyly döwlet derejesinde «Bilim we ýazuw güni» hökmünde bellenilýär. Bu gün ýurduň mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirilip, okuw ýylynyň ilkinji sapagy milli ýazuwyň esaslandyryjysy Mesrop Maştosa hem-de ermeni halkynyň milli edebiýatyna bagyşlanýar. Şeýlelikde, okuw ýylynyň başlanmagy ýaş nesliň milli medeniýete we ýazuw mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilýär.

Çehiýada we Slowakiýada bolsa ilkinji gezek mekdebe barýan çagalar aýratyn üns merkezinde bolýar. Olara täze okuw durmuşyna gadam basýandyklary mynasybetli mekdep ýolbaşçylary we ýerli häkimiýetleriň wekilleri tarapyndan gutlag hatlary hem-de «Ilkinji synp okuwçysy» diýen ýörite şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Dünýä ýurtlarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen baglanyşykly däpleriň dürli bolmagyna garamazdan, olaryň esasy maksady birmeňzeş — çagalary täze okuw tapgyryna ruhlandyrmak, olarda bilime bolan höwesi artdyrmak we mekdep durmuşyna ilkinji ädimlerini ýatdan çykmajak pursada öwürmek.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy diňe bir okuw işleriniň täzeden ýola goýulmagy däl, eýsem, ýaş nesliň bilim, terbiýe we jemgyýetçilik durmuşyndaky täze tapgyrynyň başlangyjydyr.