Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösmekligi üçin giň şertleriň döredilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy ulgam kuwwatly öndüriji güýje öwrüldi. Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçiligiň öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam edýär.

Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen işlerini sazlaşykly ýola goýan, özüniň ýokary hilli önümleri bilen adygan hususy önüm öndürijilileriň biri hem awtoulaglar üçin kämil akkumulýator batareýalaryny öndürýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň iň uly kärhanalarynyň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan kükürt kislotasy öndürilýär. Bu bolsa zawod bilen ýanaşyk ýerde ýerleşýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän akkumulýator batareýalary üçin zerur bolan kükürt kislotasyny getirmeklige we peýdalanmaklyga amatly şertleri döredýär. Işleri sazlaşykly ýola goýlan hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglara niýetlenen «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» hil nyşanly, kuwwaty 30-dan 225 amper/sagada barabar bolan görnüşleri öndürilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň geriminiň barha giňelýändigini-de belläp geçmek bolar. Hytaý Halk Respublikasyndan hem-de Hindistandan getirilen kämil tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän akkumulýatorlar batareýalarynyň hil derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, möçberiniň artmagyna ýardam etdi we täze iş orunlarynyň döremegine şert döretdi. Häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 200-e golaýynyň zähmet çekýän bu kärhanasy şu ýylyň dowamynda 200 müňden gowrak akkumulýator batareýalaryny öndürmekligi maksat edinýär. Geçen ýylyň dowamynda hojalyk jemgyýetinde jemi 100 müňden gowrak akkumulýatorlar batareýasynyň öndürilendiginden çen tutanyňda, bu ýerde önüm öndürmekligiň kuwwatynyň iki esse artandygyny görmek bolýar.

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän akkumulýator batareýalaryna bolan islegiň uludygyny bu ýerde öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde awtoulaglaryň eýeleri tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýandygy hem subut edýär. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň kämil önümleriniň Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Italiýa ýaly döwletlere eksport edilmegi, bu hojalygyň dünýä bazaryna ynam bilen aralaşýandygyny görkezýär. Ýeri gelende hojalyk jemgyýetinde taýýar önümleri sarp edijilere bökdençsiz ýetirmek üçin dört sany ýörite awtoulagyň hereket edýändigini-de belläp geçmek bolar.

Belent maksatlary nazarlaýan «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine içerki we daşarky bazarda islegiň barha artmagy onuň hil derejesiniň ýokary bolmaklygydyr. Önümiň hilini bolsa Ýaponiýa, Hytaý hem-de Ýewropa ýurtlarynyň belli kompaniýalarynda öndürilýän enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylýanlygy, şeýle hem bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarylygy kesgitleýär. Hojalyk jemgyýetinde kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghananyň hereket etmekligi-de önümleriň hili babatynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hojalyk jemgyýetinde ýene-de bir bellenilip geçilmegi möhüm işleriň biri – bu ýerde öndürilýän önümler üçin edara-kärhanalaryň we hususy awtoulaglaryň ulanylyşdan galan akkumulýatorlarynyň peýdalanylmagydyr. Onuň bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde awtoulaglaryň sanynyň artmagy, şonuň bilen baglanyşykly möwriti geçen akkumulýatorlaryň köpelýändigini hasaba alanyňda, ekologiýa babatynda hem uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Häzirki wagtda dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň barha ösmegi bilen baglanyşykly «Kökçi» hojalyk jemgyýeti hem önümçiligiň täze görnüşleriniň üstünde yzygiderli işleýär. Bu bolsa hojalyk jemgyýetiniň döwür bilen deň gadam urýandygyny aňladýar.