
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylym we bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm çäre badalga aldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Iňlis dili hünärmeni» (ELS) maksatnamasynyň çäklerinde, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gurnamagynda mugallymlar we talyplar üçin hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilip başlandy.
Bu gezekki tejribe alyşma çäresini ABŞ-nyň Ermenistan Respublikasyndaky uniwersitetiniň iňlis dili we aragatnaşyk dersleriniň tejribeli lektory Brent Entoni Andres alyp barýar. Iki tapgyrdan ybarat bolan bu okuwlar uniwersitetiň mugallymlar düzümi üçin 1 — 5-nji iýun aralygynda, talyp ýaşlar üçin bolsa 8 — 12-nji iýun aralygynda guralar.
Hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň baş maksady häzirki zamanyň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, aýratyn-da emeli aňyň mümkinçiliklerini iňlis dilini okatmak prosesine we okuw maksatnamalaryny düzmäge netijeli ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle-de okuwlaryň dowamynda döwrebap okuw serişdelerini hem-de gollanmalaryny taýýarlamagyň usullary jikme-jik öwrediler.
Gatnaşyjylar dil başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ylmy ýazuw medeniýetini kemala getirmek, aragatnaşyk endiklerini ýokarlandyrmak we dili özbaşdak öwrenmegiň iň täze strategiýalary boýunça halkara tejribeleri özleşdirerler. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň ylmy-pedagogik kuwwatyny has-da berkitmäge uly goşant bolar.
Keywords