
Paýtagtymyzda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň sanly düzümini hem-de ýokary tehnologiýalar pudagyny täze şerefelere ýetirjek taryhy ylalaşyk gazanyldy. Ştab-kwartirasy Singapurda ýerleşýän, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda özüniň ilkinji iň döwrebap maglumatlary işläp taýýalaýan merkezini (Data Center) gurnamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.
Bu uly taslamanyň öňýanynda taryhy waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri “Bitdeer Technologies Group” tehnologiýa topary bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama resmi ýagdaýda gol çekdiler. Strategik häsiýete eýe bolan bu ylalaşyk ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän şäher ekoulgamyna ýokary öndürijilikli hasaplama kuwwatlyklaryny integrasiýa etmekde ägirt uly ädimdir.
Maslahatda çykyş eden “Bitdeer” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Afrika boýunça hyzmatdaşlyk we işewürligi ösdürmek boýunça direktory Husame Naimi guraljak täze merkeziň diňe bir energetika däl, eýsem maliýe, döwlet we tehnologik hyzmatlaryň bütin ulgamyna oňyn täsir etjekdigini belledi.
Häzirki wagtda global şertlerde döwletiň maglumat özygtyýarlylygyny goramak we daşary ýurtlarda saklanýan maglumatlary milli derejede, ýerli şertlerde saklamak uly ähmiýete eýedir. Şäher maglumat merkezleri barha uly goldaw tapýan blokçeýn we emeli intellekt tehnologiýalarynyň ygtybarly işini üpjün etmäge ukyply bolup, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ýurdumyza transferine (geçirilmegine) giň ýol açar.
Mundan başga-da, bu taslama ýurduň milli energiýa ulgamyna goşmaça agram salmaýar. Ekspertiň bellemegine görä, merkez täze energetika düzümini ösdürmäge ýardam edip, artykmaç ýa-da ulanylman duran elektrik energiýasyny innowasion usullar bilen girdejä öwürmäge we eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu önümlilikden geljek girdejiler bolsa daşary ýurt walýutasynda, ýagny ABŞ-nyň dollarynda kesgitlener.
Kompaniýa maglumat merkeziniň işine we hyzmatlaryna ýerli hünärmenleri işjeň çekmegi maksat edinýär. Bu bolsa türkmen ýaşlaryna we hünärmenlerine dünýä derejesindäki iň kämil hasaplama merkezlerinde amaly tejribe toplamak, halkara nou-haulary (tehniki usullary) düýpli öwrenmek üçin ajaýyp şertleri döreder.
«Ak şäherim Aşgabat» halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesine uly baha beren daşary ýurtly hyzmatdaşlar, Türkmenistanyň döwlet resmileriniň we ministrlikleriniň ýurdy halkara maýa goýum ugruna öwürmek, hususy pudak bilen döwrebap gurallary üpjün etmek ugrundaky netijeli işlerine ýokary baha berdiler.
Keywords