
Ýaponiýanyň meşhur «Toyota Motor» korporasiýasy özüniň iň köp satylýan we dünýä belli kysymlarynyň biri bolan «Corolla» modeliniň önümçiligine başlanylmagynyň 60 ýyllyk ýubileýi mynasybetli täze taslamany durmuşa geçirdi. Korporasiýa Ýaponiýanyň içerki awtomobil bazary üçin «Corolla» (sedan) we «Corolla Touring» (uniwersal) modelleriniň ýöriteleşdirilen «Active Sport» görnüşini satuwa çykardy. Mälim bolşy ýaly, birinji nesil «Corolla» ulagynyň önümçiligine badalga berilmeginiň 60 ýyllyk şanly senesi şu ýylyň 20-nji oktýabrynda resmi taýdan belleniler.
Awtoulagyň «Active Sport» tapgyry özüniň dizaýn aýratynlyklary we sport ähenleri bilen adaty modellerden düýpli tapawutlanýar. Ulagyň daşky görnüşinde bamperleriň aşaky böleklerinde we gapdal bosagalarda ýörite aerodinamiki enjamlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de täze ulag 215/45 R17 ölçegli tekerler we gara reňkli, köp şöhleli ýeňil garyndyly özboluşly diskler bilen üpjün edilendir.
Ulagyň içki salonynda hem rahatlyga we sport stilindäki dizaýna uly üns berlipdir. Awtomobiliň içindäki öňki panel dolly emeli deri bilen örtülip, aýak basylýan pedallarda alýumin örtükleri ulanylypdyr. Salonyň öň tarapyny göwregi has gowy saklaýan gapdal goldawly ýörite sport oturgyçlary we aýaklaryň astyndaky täze halyçalar bezär. Şeýle-de salonyň birnäçe künjeginde meşhur kysymyň 60 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna taýýarlanylan ýörite nyşanlar we logotipler ýerleşdirilipdir.
Tehniki taýdan kämilleşdirilen bu modelde asma (podweska) ulgamynyň has gaty we durnukly sazlamalary ulanylypdyr. Ýöne bu tehniki artykmaçlyk diňe öňden çekiji modifikasiýaly ulaglara degişli bolup, doly çekijili (4WD) «Corolla Active Sport» modelleriniň asma ulgamy özüniň standart durkuny saklap galar.
Täze model «parallel gibrid» ulgamy bilen üpjün edilendir. Ol 1,8 litrlik «2ZR-FXE» benzinli içinden ýanyşly dwigatelden, wariatordan we elektrodwigatelden ybarat bolup, ulgamyň umumy kuwwaty 140 at güýjüne deňdir. Awtomobiliň doly çekijili transmissiýasynda «E-Four» ulgamy ulanylýar. Bu ulgam yzky okdaky aýratyn ykjam elektromotoryň kömegi arkaly, ýol şertleri kynlaşan wagtynda (esasanam, ýerinden gozgalan pursatynda we pes tizliklerde) ulagyň durnukly hereketini üpjün edýär.
Ýaponiýanyň içerki bazarynda «Toyota Corolla Active Sport» ýubileý modeliniň başlangyç bahasy 3 231 800 iýen möçberinde kesgitlenildi.
Keywords