Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Türkiýä gelýän türkmenistanly syýahatçylaryň sanynyň 250 müňe ýetmegine garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada diplomat Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň kabulhanasynda geçirilen ertirlik duşuşygyna ilçihananyň wekilleri, «Türk Hava Yolları» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili hem-de ýerli döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda ilçi Şener Jebeji Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ol ýakynda türkmen žurnalistleriniň gatnaşmagynda Türkiýäniň Çanakkale we Balykesir şäherlerine guralan metbugat saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle başlangyçlaryň iki ýurduň halklarynyň medeniýetini we taryhyny has ýakyndan öwrenmäge, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Duşuşykda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi barada hem maglumat berildi. Ilçiniň aýtmagyna görä, Türkiýe dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylda halkara syýahatçylygyny kabul etmek boýunça dünýäde sekizinji orunda bolan ýurt 2024-nji ýylda dördünji orna çykdy. 2025-nji ýylda Türkiýä 64 milliona golaý syýahatçy gelip, syýahatçylykdan alnan girdeji 65 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Şener Jebeji 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistandan Türkiýä 151 müň syýahatçynyň gelendigini hem belledi. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 250 müňe ýetmegine garaşylýar.

Ilçi metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Onuň berýän maglumatyna görä, 2023–2026-njy ýyllar aralygynda türkmen žurnalistleri üçin Türkiýä 14 metbugat sapary guralyp, olara jemi 84 habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdy. Bu saparlar gatnaşyjylara Türkiýäniň taryhy-medeni mirasy, syýahatçylyk mümkinçilikleri, ykdysady ösüşi we jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşmaga şert döretdi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşyk Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda syýahatçylyk, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmanyň nobatdaky beýany boldy.