2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda BMG-niň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Her ýyl 24-nji oktýabrda bellenilýän bu sene guramanyň Tertipnamasynyň güýje giren güni bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Greýs Wang çykyş etdiler. Çykyşlarda guramanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde eýeleýän möhüm orny bellenildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesine we strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlyk halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa, ulag, energetika, ynsanperwer gatnaşyklar hem-de adam hukuklaryny goramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmäge, halkara dialogyny giňeltmäge we häzirki zaman meseleleriniň çözülmeginde BMG-niň ornuny pugtalandyrmaga ygrarlydygy nygtaldy. Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini halkara derejesinde wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Dabaraly çäre Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen maksatlara we ýörelgelere ygrarlydygyny, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.