
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekili Nowruz Myratdurdyýew halkara giňişliginde ýurdumyzyň ylym we bilim abraýyny belende galdyrdy. Uniwersitetiň lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlyk bölüminiň baş hünärmeni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilen bäsleşikde birbada iki sany hormatly ada — «GDA-nyň iň gowy mugallymy» we «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen lawurýatyna mynasyp boldy.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen bu intellektual ýaryş «Bilim-örkenýeti» we «Žaňa Gazagystan» atly innowasion merkezleri tarapyndan guraldy. Taslamanyň esasy maksady häzirki zaman bilim giňişligini kemala getirýän iň zehinli hünärmenleri ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilikli işlerini goldamakdan ybarat boldy. Bäsleşigiň eminler topary gatnaşyjylaryň diňe bir akademiki görkezijilerine däl, eýsem täzeçil okatmak usullaryny ornaşdyryş ukyplaryna hem ýokary baha berdiler.
Nowruz Myratdurdyýewiň daşary ýurt dillerindäki lukmançylyk nakyllarynyň leksik aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işi halkara bilermenleriniň aýratyn ünsüni çekdi. Lukmançylyk bilen dil biliminiň sepgidinde ýerine ýetirilen bu özboluşly ylmy barlag we täzeçil pedagokigik usullar türkmen hünärmenine iki ugur boýunça hem öňdebaryjy bolmaga mümkinçilik berdi.
Görkezilen ýokary netijeleriň jemlemesi hökmünde Nowruz Myratdurdyýewe:
Bu uly üstünlik Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň we ýurdumyzyň ylmy kadrlarynyň halkara derejesindäki bäsleşige ukyplylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen hünärmeniniň gazanan ýeňşi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara bilermenler jemgyýetçiligine işjeň goşulyşýandygyny ýene bir gezek görkezdi.
Keywords