
Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, giň dünýägaraýyşly we bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere höweslendirmek we halkara ders bäsleşiklerine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işler ýyl-ýyldan buýsançly netijeleri berýär.
Şunuň bilen baglylykda, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu gazanylan üstünlikler döwlet derejesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini açyp görkezmegi we halkara meýdançalarda ýurdumyza wekilçilik etmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda halkara ders olimpiadalarynyň ýeňijileriniň döwlet tarapyndan sylaglanyp, hormatlanmagy olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Munuň nobatdaky aýdyň mysaly 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda ýüze çykdy. Bu abraýly bäsleşikde hem Türkmenistanyň zehinli ýaşlary ýokary taýýarlyk görkezip, jemi 4 medala eýe boldular we ýurdumyzyň baýdagyny belende göterdiler. Bäsleşige gatnaşan okuwçylarymyzyň görkezen bu guwandyryjy netijeleri ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýän üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Keywords