Türkmenistanly dizaýnerler we milli brendler halkara moda giňişliginde öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Ýurdumyza degişli Desert Heritage, Binaym, Mukaddes we AyMahri brendleriniň döredijilik kolleksiýalary Parižde geçirilen iri halkara moda sergileriniň biri bolan Who’s Next çäresinde görkezildi.

Türkmenistanly öndürijileriň halkara sergä gatnaşmagy Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Parižde döredilen Türkmenistanyň milli sergi bölümi moda pudagynyň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döretdi. Türkmen dizaýnerleriniň tebigy matalardan taýýarlanan, milli öwüşginleri döwrebap biçüw bilen utgaşdyrýan önümleri Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Gresiýanyň, Zambiýanyň we Ermenistanyň wekilleriniň ünsüni çekdi.

Serginiň dowamynda daşary ýurtly alyjylar türkmen brendleriniň önümlerine gyzyklanma bildirip, aýratyn-da italýan kompaniýalarynyň wekilleri bilen geljekde täjirçilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen dokma pudagynyň wekilleri we telekeçiler sergä gatnaşmak bilen çäklenmän, Parižde geçirilen işewürlik maksatnamasyna hem işjeň gatnaşdylar. Olar dünýäniň öňdebaryjy moda we dokma sergileriniň biri bolan Texworld hem-de Première Vision çärelerine baryp, Ýewropa bazarynyň häzirki ugurlary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem türkmen hünärmenleri Pariždäki butiklerde we iri söwda merkezlerinde önümleriň görkeziliş usullaryny öwrenip, täze ekologiýa taýdan arassa materiallar we dokma önümçiligindäki döwrebap tehnologiýalar barada maglumat aldylar.

Bu sapar türkmen telekeçileri üçin Ýewropa bazaryna çykmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we önümleriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda amaly ähmiýete eýe boldy.

«AK Aýna» hojalyk jemgyýetiniň Aýna Denim brendiniň doly önümçilik tapgyry boýunça işleýändigi bellenilýär. Kompaniýanyň direktory Merdan Hudaýberdiýewiň bellemegine görä, Pariže sapar täze hyzmatdaşlary we alyjylary tapmakda, şeýle hem Ýewropa bölek satuw bazarynyň talaplaryna has gowy düşünmekde möhüm tejribe berdi.

Halkara moda meýdançalarynda türkmen brendleriniň tanyşdyrylmagy ýurdumyzyň milli dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge we «Made in Turkmenistan» nyşany bilen öndürilýän önümleriň eksport gerimini giňeltmäge mümkinçilik döredýär.

Şeýle başlangyçlar türkmen kiçi we orta telekeçiliginiň halkara üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşmagyna hem-de milli modanyň daşary ýurtlarda has giňden tanadylmagyna ýardam edýär.